Döwrebap okuw otagy döredildi

      Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, milli bilim ulgamyny mundan beýläkde ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň çäginde mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalarynda peýdalanmaklary üçin birnäçe işler geçirilýär. 
      Okuw mekdebimiziň ýolbaşçylarynyň ýakyndan ýardam bermeginde  ýöriteleşdirilen okuw otagynda gurnalan multimediýa interaktiw enjamlary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň öz hünärlerini has içgin we gyzyklanma bilen öwrenmeklerine ýardam edýär. Şeýle hem şu günki  günde dünýäde okatmagyň  öňdebaryjy usullarynyň biri bolan  wirtual okuw usuly,  ýagny “Emeli aň” döretmeklik bilen sapagy baýlaşdyrmak has oňaýly netije berýär. Bilim bermeklikde kämil usullaryň biri bolan bu wirtual okuw usuly mekdebimizdedöredildi. Bu okuw otagynda talyplara öwredilýän materiallaryňaýdyňlygy talyplaryň döredijilik ukyplaryny we zehinlerini açmakda oňat netije berýär.
      Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara berýän öwüdinde “ Hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň!” diýip belläp geçýär. Ýurdumyzda döredip berilýän ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa ýaşlarymyzyň borjy hasaplanýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, 
Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň 11-nji jaýy.
11, Atamyrat Annanyýaz ogly street
Balkanabat city, Balkan province.
г.Балканабат, ул. Атамурада Аннаниязоглы дом 11.

Telefon belgiler:
3-12-20, 7-01-25, 7-01-26