BNOHOM

“TÜRKMENNEBIT” DÖWLET KONSERNINIŇ
BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça 
talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
  1. Nebit we gaz guýularyny burawlamak. 
  2. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek. 
  3. Nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak.
  4. Önümçilikde we tilsimat işlerinde tehniki howpsuzlyk.
  5. Nebit we gaz känleriniň geologiýasy we agtarylmasy.
  6. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
  7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
  8. Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek.
  9. Nebiti we gazy gaýtadan işlemek.
  10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 
  11. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
  12. Buhgalterçilik hasaby alnyşy we audit.
  13. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi. 
  14. Senagat we raýat jaý gurluşygy. 
  15. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.
  16. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi.
  17. Hili tehniki düzgünleşdirmek we dolandyrmak.
  18. Logistikada operasion işi.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. 
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 
Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
— şahsy pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkanabat ş.) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-y we 28-i günlerinde  geçirilýär. 
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: 
hünärler: himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek; nebiti we gazy gaýtadan işlemek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; 
beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11, tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-16, 7-01-24, 7-01-18, 7-01-14.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, 
Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň 11-nji jaýy.
11, Atamyrat Annanyýaz ogly street
Balkanabat city, Balkan province.
г.Балканабат, ул. Атамурада Аннаниязоглы дом 11.

Telefon belgiler:
3-12-20, 7-01-25, 7-01-26