2-NJI BHOM

TÜRKMENNEBIT”  DÖWLET KONSERNI
BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA  HÜNÄR OKUW MEKDEBINIŇ
      2-NJI HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga
 kabul edýändigini yglan edýär:

1. Nebit we gaz çykaryjy operator 1,5 ýyl
2. Awtomehanik 1,5 ýyl
3.Buhgalterçilik işi 1,5 ýyl
4.Senagat we raýat jaý gurluşygynyň ussasy 1,5 ýyl
5.Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa 1,5 ýyl
6.Nebit we gaz guýularynda düýpli  abatlaýyş işlerini geçiriji ussa 1,5 ýyl
7.Göteriji agregatyň maşinisti (XJ 250-350-450 kysymly) 1,5 ýyl
8.Nebit we gaz guýularynda barlag işlerini geçiriji geofizik 1,5 ýyl
9.Geodeziýaçy 1,5 ýyl
10.Barlag – ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar 1,5 ýyl
11.Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa 1,5 ýyl
12.Deparafinizasiýa üçin kämilleşdirilen agregatyň maşinisti 1,5 ýyl
13.Awtokranyň we awtowyşkanyň maşinisti  1 ýyl
14.Arhiwçi 1 ýyl
15.Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi 1 ýyl
16.Aragatnaşyk operatory 1 ýyl
17.Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa 1 ýyl
18.Nebit we gaz guýularyny sementlemek boýunça maşinist 1 ýyl
19.Haryt operatory (Nebit –gaz pudagynda) 1 ýyl
20.Nebit we gaz guýularynyň operatory 1 ýyl
21.Himiki derňewiň laboranty 1 ýyl
22.Kebşirleýji (elektrokebşirleme we gazkebşirleme işleri) 1 ýyl
23.Elektromontýor 1 ýyl
24.Buraw desgalarynda maşinist 1 ýyl
25.Nebit we gaz guýularyny ýerasty abatlamak boýunça operator 1 ýyl
26.Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator 1 ýyl
27.Tehnologiki sorujylaryň we kompressorlaryň (gysyjylaryň) maşinisti 1 ýyl
28.Ýangyç guýujy stansiýalaryň operatory 1 ýyl
29.Karotaž stansiýalaryň maşinisti 1 ýyl
Hünär-tehniki okuw  mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň  2-nji  hünär-tehniki okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-belenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
-belenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
-belenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden,harby bölümden) häsiýetnama;
-3-4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da,okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
-pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny,harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden  güwähaty;
Dalaşgär  talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 26-27-si  günlerinde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň  2-nji  hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary hünärler boýunça matematika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde belenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
 
1.Nebit we gaz guýularyny burawlaýjynyň kömekçisi 4 aý
2.Himiki derňewiň laboranty 5 aý
3.Aşpez 3 aý
4.Ýük ýüklemekde we düşürmekde daňyjy-berkidiji (stropnyjy) 2 aý
5.Gazançy 2 aý
6.Takelažçy 3 aý
7.Kompýuteriň operatory 3 aý
8.Elektrik togy bilen kebşirleýji 2 aý
9.Defektoskopçy 6 aý
10.Nebit we gaz guýularynda synag işlerini geçiriji operator 3 aý
11.Awtomobil kranyň maşinisti 5 aý
12.Nasos enjamyň maşinisti 5 aý
13.Suw arassalaýjy desgalaryň operatory 3 aý
14.Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guraýjy 5 aý
15.Nebit we gaz guýularyny sementlemek boýunça maşinist 6 aý
16.Buraw enjamlarynyň maşinisti 6 aý
17.Sementleýji agregatlaryň motorçysy 6 aý
18.Awtoýükleýjiniň maşinisti 3 aý
19.Slesar-santehnik 3 aý
  Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-belenilennusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýada edara-kärhananyň hünärmen taýarlamak baradaky sargyt haty;
-pasportynyň göçürmesi;
-bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
-3x4 möçberindäki 2sany fotosurat;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär. 
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň  2-nji  hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş. 161-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 21-nji jaýy, 
Tel: 993(222)60887, 993(222)60883, 993(222)60672, 993(222)63978

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, 
Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň 11-nji jaýy.
11, Atamyrat Annanyýaz ogly street
Balkanabat city, Balkan province.
г.Балканабат, ул. Атамурада Аннаниязоглы дом 11.

Telefon belgiler:
3-12-20, 7-01-25, 7-01-26